Milli wekiliýet BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 7 — 11-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşdy.
Çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan 160-dan gowrak wekiliýeti bir ýere jemledi.
Mejlisiň dowamynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda sanly we innowasion çözgütleriň ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem syýahatçylygyň durnuklylygyny we jemgyýetçilik taýdan inklýuziwligini ýokarlandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýylky mejlisiň esasy mowzugy «Emeli aňyň esasyndaky syýahatçylyk: geljege täze göz bilen seretmek» bolup, ol halkara syýahatçylygyň täze arhitekturasynyň emele gelmeginde emeli aňyň möhüm ornuna ünsi çekýär.
