Madridiniň "Atletiko" futbol kluby täze maýa goýujynyň gözegçiligine geçdi

Noý 11, 2025 - 08:50
Madridiniň "Atletiko" futbol kluby täze maýa goýujynyň gözegçiligine geçdi

Madrid şäheriniň "Atletiko" futbol kluby paýnamalarynyň gözegçilik paketiniň Apollo Sports Capital (ASC) atly maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi.

Report agentliginiň ýazmagyna görä, ylalaşygyň çäginde Migel Anhel Hil bilen Enrike Sereso klubda ozalkysy ýaly degişli ýolbaşçy wezipesinde — biri baş direktor, beýlekisi prezident hökmünde — işini dowam ederler hem-de paýdarlaryň hatarynda galýarlar.

Olaryň ýolbaşçylygynda soňky iki onýyllygyň dowamynda "Atletiko" Ýewropanyň iň üstünlikli we meşhur futbol klublarynyň biri hökmünde tanalypdyr.

Täze paýdarlar klubyň uzak möhletli ösüş meýilnamalaryny goldamak üçin maýa goýmakçy bolýarlar. Bu meýilnamalaryň hatarynda "Atletiko" toparlarynyň ösüşine goşmaça maýa goýmak hem-de iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bar.

“Biz kluba ýürekden bagyşlanan täze hyzmatdaşymyzy hoşniýetlilik bilen garşylaýarys. Apollo Sports Capital — “Atletiko”  taryhyna, däplerine, özboluşlylygyna we muşdaklaryna hormat goýýan ygtybarly hyzmatdaşymyz. Ol klubyň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny dowam etdirmek üçin goşmaça serişdeleri we höwesi getirýär”, – diýip Hil klubun resmi saýtynda aýtdy.

Häzirki wagtda Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň 12 tapgyrynyň jemine görä, "Atletiko" 25 utuk bilen dördünji orunda ýerleşýär.
Çempionlar ligasynda bolsa topar 4 oýunda 6 utuk toplapdyr.