Mürzebeg galasy – Taryhy we medeni ýadygärlik
Kerki etrabynyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň arasynda Mürzebeg gala, Omar gala we Gyzylýak gala ýaly möhüm arheologik desgalaryň aýratyn orny bardyr. Bu gadymy ýadygärlikler boýunça XX asyrda alym-arheologlar W. Pilipko, T. Hojanyýazow, H. Ýusupow, G. Gutlýýew ýaly tanymal alymlar tarapyndan giň ylmy-barlag işleri alnyp baryldy.

Kerki etrabynyň günbatar tarapynda, Garagum derýasynyň çep kenarynda ýerleşýän uly arheologik ýadygärlikleriň biri bolan Mürzebeg galasy gadymy döwürlerden bäri möhüm medeni merkez bolupdyr. Gala uly depäniň üstünde ýerleşip, uzakdan seleňläp görünýän beýik diwarlary bilen aýratyn tapawutlanýar.
Taryh ylymlarynyň doktory, arheolog W.N. Pilipko “Türkmenistanyň ýadygärlikleri” žurnalynyň 1976-njy ýylda çykan 2-nji sanynda çap eden “Amyderýa parfiýan şaýypullarynyň tapyndysy” atly ylmy işinde Mürzebeg galasynyň ýaşaýyş ýerleriniň biziň eýýamymyzdan öňki III–II asyrlarda dörändigini, biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda bolsa has-da gülläp ösendigini belleýär. Bu maglumatlar 1975-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň topary tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde tassyk edilýär.
Geçirilen barlaglaryň möçberiniň çäklidigi bilen birlikde, alymlar Mürzebeg galasynyň durmuşy barada baý we gyzykly maglumatlary ýüze çykardylar. W.N. Pilipko-nyň belleýşi ýaly, Mürzebeg galasynyň taryhy kökleri birnäçe asyrlaryň dowamynda dowam edip gelen medeniýet bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaý häzirki wagtda Kerki şäherindäki taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde, etrabyň 12-nji orta mekdebinde, şeýle hem “Kerki” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda Mürzebeg galasy bilen baglanyşykly toplanan täsin tapyndylar arkaly açyk görkezilýär.
Mürzebeg galasy giň territoriýany eýeleýän uly depäniň we onuň töweregindäki ýykylyp-ýumrulyp giden desgalaryň diwarlaryndan ybaratdyr. Gatlaklaýyn medeni yzlarda keramika we çüýşeden ýasalan gap-gaçlaryň döwükleri, kerpiç we pagta gurluşyk galyndylary örän köpdür. Bu ýagdaý bir zamanlar bu şäherde ýaşaýşyň pajarlap ösendigini görkezýär.
Mürzebeg galasy Beýik Ýüpek ýolunyň Horezmden Hindistana barýan ugrunda ýerleşendigi sebäpli, bu ýerden söwda kerwenleri düşläp geçipdir. Täjirler ýerli ilat bilen söwda edipdirler, bu bolsa şäheriň ykdysady we medeni taýdan ösmegine güýçli itergi beripdir. Jarçylaryň çagyryjy sesleri, sazandalaryň owazlary bilen utgaşyp, şäheriň joşgunly durmuşyna baý öwüşgin beripdir. Irki we giçki orta asyrlarda-da bu ýerde ýaşaýyş dowam edipdir.
Galaryň çäklerinden tapylan parfiýan we kuşan döwürlerine degişli şaýypullar, daşdan ýasalan adam heýkeljikleri, çüýşe we keramika gap-gaçlar, olaryň döwük-düwük bölekleri, jäjekler, syrçaly senet önümleri — bularyň ählisi Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitleriniň gadymy taryhyny, etnografiýasyny, binagärligini, ykdysady hem-de medeni durmuşyny öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda Mürzebeg galasynda arheologik barlag işleri dowam etdirilýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly geçmişi öwrenilýär, taryhy mirasymyz dikeldilýär.
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!