Nanotehnologiýany öwrenmek üçin Ýaponiýa türkmen mugallymlaryny kabul eder
2025-nji ýylyň 1–17-nji oktýabry aralygynda olar Kawasaki şäherindäki Nanolukmançylyk Innowasiýa Merkezinde (ICONM) okuw maksatnamalaryna gatnaşarlar.
Türkmenistan daşary ýurt döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, bilim we innowasion tehnologiýalaryna aýratyn üns berýär.
Bu sapar Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti bilen Kawasaki Senagat Ösüş Institutynyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda guraldy. Bu resminama täze ylmy barlaglar bilen tanyşmak üçin yzygiderli hünärmenleriň alyş-çalyşygyny göz öňünde tutýar.
Mugallymlaryň saparynyň esasy maksady – hünär derejesini ýokarlandyrmak, häzirki zaman ylmy usullaryny öwrenmek we bilelikde ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin pikir alyşmakdyr.
ICONM maksatnamalaryna gatnaşmak Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny dünýäniň iň gowy tejribeleri bilen baýlaşdyrmakda möhüm goşant bolar.
