Pekinde geçirilen harby parad arkaly görkezilen täze hytaýly “görünmeýän” pilotsyz söweş uçary hünärmenleriň ünsüni çekdi
3-nji sentýabrda Pekin şäherinde geçirilen giň gerimli harby paradyň dowamynda Hytaýyň harby tehnologiýalar, esasan hem söweş maksatly pilotsyz uçarlaryň (PUA) uguryndaky iň täze üstünlikleri görkezildi. Tomaşa edilýän ençeme uçaryň arasynda aýratyn bir enjam hünärmenleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Söhbet bolup geçýän enjam — ujypsyzlyk tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan, guýruksyz we ululygy bilen tapawutlanýan pilotsyz uçardyr. Onuň göwrümi Hytaýyň orta derejeli köp maksatly J-10 söweş uçary bilen deňeşdirilýär. Bu täze uçaryň resmi ady entek mälim edilmese-de, käbir çeşmeler ony “Howa giňişliginde agalyk gazanmak üçin niýetlenen pilotsyz söweş uçary” diýip häsiýetlendirýärler. Şu wagt bolsa, halkara analitikleri bu enjamy şertli görnüşde “B görnüşli” dron diýip atlandyrýarlar.
“B görnüşli” uçaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri
Täze dron, öň görlen hytaýly PUA-lardan (satelit suratlarynda ýa-da türgenleşiklerde ýarym örtülen görnüşlerinden) ep-esli uly göwrüme eýe. Harby synçylaryň pikirine görä, bu uçaryň sesden çalt hereket etmäge ukyby bar hem-de ýokary uçuş aralygyna eýedir.
Bu netijelilik onuň guýruksyz aerodinamik gurluşy we uçarman bolmansoň, degişli ulgamlara zerurlygyň bolmazlygy bilen baglydyr. Bu bolsa, goşmaça ýangyç ýa-da enjam ýerleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, enjamyň esasy artykmaçlygynyň biri — onuň radar tarapyndan aňsat ýüze çykmaýanlygy, ýagny ujypsyzlyk derejesiniň ýokary bolmagydyr.
Ýarag bilen üpjünçiligi we niýeti
Dronyň aşaky bölegindäki gurluşdan çen tutulsa, onuň ýarag ýerleşdirmek üçin içki bölümleri bar. Bu aýratynlyk bolsa adaty görünmeýän söweş uçarlaryna mahsus bolup, ýaragyň daşky görnüşde ýerleşdirilmezligi arkaly radarlara görünmezlik derejesini ýokarlandyrýar we uçuş döwründäki aerodinamikany bozmaýar.
Hünärmenleriň pikirine görä, “B görnüşli” uçaryň esasy wezipesi howa giňişliginde agalyk gazanmak, şeýle-de garşydaşyň çuň aralykdaky möhüm nyşanalaryna zarba bermek bolup biler — aýratyn hem güýçli howa gorag ulgamlarynyň şertlerinde.
“B görnüşli” ýaly enjamyň peýda bolmagy, Hytaýyň ýokary tehnologiýaly söweş PUA-lary döretmek ugrundaky çalt öňe gidişini görkezýär. Eger-de enjamyň görkezilýän häsiýetleri tassyklansa, ol adaty howa söweş düşünjelerini üýtgedip, howadaky güýç deňagramlylygyna täsir edip biljek täsirli harby platforma öwrülip biler.