Stewiýanyň ekstrakty aşgazanasty mäziň rak öýjüjelerini ýok edip bilýär

Ýaponiýanyň Hiroşima uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy barlag stewiýa ösümliginden alnan ekstraktlaryň aşgazanasty mäziň rak öýjüjelerine garşy täsir edip bilýändigini ýüze çykardy. Has anyk aýdanyňda, süýt turşylyk bakteriýalary bilen işlenilen stewiýa ekstrakty (fermentasiýa edilen stewiýa ekstrakty – FSLE) rak öýjüjeleriniň ösmegini güýçli basyp bilýär we şol bir wagtda sagdyn öýjüjelere diýen ýaly zyýan ýetirmeýär.

Sen 4, 2025 - 17:38
Stewiýanyň ekstrakty aşgazanasty mäziň rak öýjüjelerini ýok edip bilýär
Christian Ohde/Global Look Press

Bu ylmy işiň netijeleri “International Journal of Molecular Sciences (IJMS)” atly abraýly žurnalda çap edildi.

Barlagyň gurluşy we netijeleri

Alymlar Lactobacillus plantarum SN13T atly süýt turşy bakteriýasynyň kömegi bilen stewiýa ýapragynyň ekstraktlaryny fermentasiýa etdiler. Laboratoriýa şertlerinde geçirilen synaglarda, şeýle işlenilen ekstraktlaryň konsentrasiýasy ýokary bolan görnüşi PANC-1 atly aşgazanasty mäziň rak öýjüjeleriniň ösüşini adaty stewiýa ekstraktyndan has güýçli basypdyr.

Mundan başga-da, bu serişdäniň adam böwrek öýjüjelerine (HEK-293) garşy toksik täsiriniň örän pes bolandygy bellenilýär, ýagny sagdyn öýjüjelere zyýany az.

Täsirli birleşme: CAME

Barlaglaryň dowamynda esasy rak garşy täsir edýän birleşmäniň hlorogen kislotasynyň metil efiri (CAME) bolandygy anyklanyldy. Şu birleşmäniň fermentasiýa prosesi wagtyndaky artmagy, ekstraktyň biologiki täsirini güýçlendirýär.

Ragyň öňüni almakdaky ähmiýeti

Alymlar belleýärler, aşgazanasty mäziň raky lukmançylykda iň kyn bejerilýän we iň agresiw rak görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu keselli näsaglaryň 5 ýyllyk sag galma derejesi 10%-den hem pesdir. Şonuň üçin, tebigy çeşmeli täze birleşmeleriň tapylmagy we öwrenilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biridir.

Geljekki tapgyrlary: Haýwanlar bilen synag

Gözlegiň indiki tapgyrynda alymlar derman serişdesiniň dürli dozalarynyň haýwanlarda nähili täsir edýändigini öwrenmegi maksat edinýärler. Bu barlaglar arkaly iň täsirli we howpsuz bejeriş dozasyny kesgitlemek meýilleşdirilýär.