Raşid Meredowyň Moskwa şäherine iş sapary meýilleşdirilýär
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Moskwa şäherine amala aşyrjak iş sapary barada resmi taýdan habar berdi. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda maglumat berilýär.

Russiýanyň DIM-niň beren maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Moskwada Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçiriler.
Gepleşikleriň çäklerinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk meselelerine garalmagy meýilleşdirilýär. Şeýle-de taraplaryň halkara we sebitleýin ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşmagy göz öňünde tutulýar.