«Real» «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi

Okt 27, 2025 - 19:29
«Real» «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi

26-njy oktýabrda Madridiň «Real» topary Ispaniýanyň La Ligasynyñ 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» kabul etdi. Duşuşyk Madridiň «Santiago Bernabeu» stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda ýer eýeleriniñ peýdasyna tamamlandy.

Oýnuň 21-nji minutynda «Realyñ» fransiýaly hüjümçisi Kilian Mbappe derwezeçi bilen bire-bir çykyp gol geçirdi we toparyny öňe çykardy. 38-nji minutda «Barselona» toparynyň oýunçysy Fermin Lopes dürs urgusy bilen hasaby deňledi.

Şondan bäş minut soňra «Real» topary garşydaşyň jerime meýdançasynda netijeli hereket edip öňe çykdy — bu gezek ýarymgoragçy Jud Bellingem (43-nji minut) tapawutlandy.

52-nji minutda «Barselonanyň» derwezeçisi Woýseh Şesny Kilian Mbappeniň penaltisini saklady.

Oýnuň 90+10-njy minutynda «Barselonanyň» ýarymgoragçysy Pedri ikinji sary karty alyp, meýdançadan çykaryldy.

Şeýdip, «Real» soňky bäş «el klasiko» duşuşygynda ilkinji ýeňşini gazandy. Madridiň topary soňky gezek «Barselonany» 2024-nji ýylyň aprel aýynda ýeňipdi.

Bu ýeňişden soň «Real» 27 utuk toplap, La Liganyň ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny berkitdi. «Barselona» bolsa 22 utuk bilen ikinji ýerde galdy.