Robot kurýerleri Şençžen metrosynda haryt iberip başlaýar

Iýul 22, 2025 - 17:59
Robot kurýerleri Şençžen metrosynda haryt iberip başlaýar

Hytaýyň Şençžen şäherinde köpçülikleýin ulag ulgamynda özboluşly täzelik peýda boldy: 7-Eleven dükanlary üçin harytlary metro arkaly eltýän 41 sany awtonom robot-eltip beriji işe girizildi. Bu pingwine meňzeýän enjamlaryň metropoliten ulgamyna doly integrirlenen dünýäde ilkinji eltip beriji robotlarydygy bellenilýär.

Robotlar ýolagçy akymynda ugrukmak üçin giňişligi skanirleýän döwrebap ulgam we çaknyşyklardan gaça durmak üçin algoritmler bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar liftleri özbaşdak çagyrmaga, ýörite çipler arkaly turniketlerden geçmäge we otlylaryň hereket tertibi bilen utgaşmaga ukyplydyr. Her robotyň göterim ukyby 50 kilogram bolup, batareýasynyň zarýady 8 sagatlap üznüksiz işlemäge ýeterlikdir.

Bu innowasion başlangyç Hytaýda mart aýynda kabul edilen “Akylly robotlary ösdürmegiň meýilnamasyna” doly laýyk gelýär. 1600-den gowrak robot tehnikasyna degişli kompaniýalar hasaba alnan Şençžen şäheri şäher awtomatizasiýasynyň esasy synag meýdançalarynyň birine öwrülýär.