Rus inženerleri emeli aň ulgamly detektory döretdiler

Rus inženerleri täze we özboluşly enjam – bary-ýogy bir minudyň dowamynda dem alyş ýollarynyň demgysma, HOÖK we beýleki giňden ýaýran kesellerini anyklap bilýän detektory döretdiler.
Bu enjamyň esasy aýratynlygy – dem alyşy seljermek üçin maşyn öwreniş algoritmlerini ulanmagyndadyr. Ol hassanyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyny öňünden çaklap bilýär we aýratyn maslahatlary berýär.
Täzelik hem lukmanlara, hem näsaglara peýdaly bolar. Lukmanlar kabul ediş wagtynyň özünde tiz diagnoz goýmak üçin takyk enjam bilen üpjün ediler, bu bolsa goşmaça barlaglara bolan zerurlygy azaldar. Näsaglar bolsa öý şertlerinde öz ýagdaýlaryny gözegçilikde saklap bilerler, bu bolsa agyrlaşma töwekgelçiligini peselder. Geljekde şeýle enjamlaryň hroniki öýken keselleriniň bejergisine sarp edilýän çykdajylary ýurduň derejesinde azaltmaga kömek etmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda enjamyň prototipi taýýar, barlaghana we ilkinji synag barlaglary geçirildi, şeýle hem patent alyndy.