Ronaldonyň ogly ilkinji gezek Portugaliýanyň U16 ýygyndysyna çagyryldy

Okt 21, 2025 - 16:47
Ronaldonyň ogly ilkinji gezek Portugaliýanyň U16 ýygyndysyna çagyryldy

15 ýaşly hüjümçi, Saud Arabystanynyň "Al-Nassr" futbol klubunda çykyş edýän Kriştianu Ronaldo dos Santos, ilkinji gezek 16 ýaşdan kiçi ýaşlar üçin niýetlenen Portugaliýanyň milli ýygyndysyna çagyryldy.

Bu baradaReporthabar berýär, maglumat bolsa Portugaliýanyň Futbol Federasiýasynyň resmi sahypasynda berildi.

Bu ýaş futbolçy üçin bu ýygynda ilkinji gezek çykyş etmegidir.

Bäş gezek "Altyn topuň" eýesi bolan Kriştianu Ronaldonyň ogly Federasiýalar Kubogynda oýnar. Türkiýede, Antalýa şäherinde geçiriljek bu ýaryşda portugallar Türkiýäniň, Angliýanyň we Uelsiň ýaşlar ýygyndylary bilen duşuşar.

Ronaldonyň ogly halkara arenasynda ilkinji duşuşygyny 2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Horwatiýanyň ýygyndysyna garşy geçirdi.