Saç dökülmesiniň göze ilmeýän sebäbi belli boldy

Noý 10, 2025 - 18:35
Noý 10, 2025 - 18:39
Saç dökülmesiniň göze ilmeýän sebäbi belli boldy
Freepik.com

Her gün bir görnüşdäki saç düzüşini üýtgetmezlik,  saçlaryň seýrekleşmegine we inçelmegine sebäp bolup biler. Şeýle görnüşdäki saç dökülmesine trakision alopesiýa ýa-da dartgynly alopesiýa diýilýär. Bu barada londonly triholog Reýçel Walentýn (Rachel Valentine) Daily Mail neşirine gürrüň berdi.

Ekspertiň aýtmagyna görä, her gün gaýtalanýan saç düzüşi saçlaryň döwülmegine sebäp bolýar. Munuň sebäbi — saç süýümleriniň tebigy “egrelmeleriniň” hemişe bir ýerde emele gelmegidir. Agramly saç bezegleri, meselem, “krab” görnüşli saç baglary aýratyn howply hasaplanýar. Olar başyň ýokarky böleginde durnukly dartgynlylyk döredýär we bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen saç follikulalarynyň zeperlenmegine hem-de saç dökülmesiniň tizlenmegine getirýär.

«Bu ýagdaý dartgynly alopesiýa diýlip atlandyrylýar. Ilkibaşda saç seýrekleşýär, ýöne wagt geçdigiçe kä ýerlerde saçlaryň ösmegi doly bes edip biler. Saç köklerine düşýän dartgynlylygy azaltmak üçin saç düzüşini her gün üýtgetmek zerurdyr. Şeýle-de dürli bezegleri ulanmak hökmany däl — saç bagynyň ýerleşýän ýerini wagtal-wagtal üýtgetmek hem ýeterlikdir» diýip, ekspert belleýär.

Lukmanyň pikiriçe, “krab” görnüşli baglaryň ýerine ýumşak we tekiz saç rezinkasyny ulanmak has peýdalydyr, sebäbi ol başyň ýüzünde dartgynlylygy deň derejede paýlaýar. Mundan başga-da, ekspert wagtal-wagtal saçlary açyk ýagdaýda gezmegiň hem möhümlygyny nygtaýar.