Saud Arabystanynda täze ýokary tizlikli demir ýol taslamasy işe girizilýär
RİÝAD — Saud Arabystany Gyzyl deňiz bilen Pars aýlagyny birleşdirjek 7 milliard dollarlyk täze ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işe girizýändigini yglan etdi. Bu taslama ýurduň iň iri şäherlerini birleşdirip, Arabystan ýarym adasynda ulag we söwda ulgamynyň täze döwrüni açmagy maksat edinýär.
“Land Bridge” (“Gury Köpri”) ady berlen bu uly taslama eýýäm “çölüň täsinligi” hökmünde tanalýar. Taslama Gyzyl deňizdäki Jidda şäherinden başlap, paýtagt Er-Riýad arkaly Dammama çenli uzalýar. Täze demir ýol ugrunyň umumy uzaklygy takmynan 1500 kilometr bolar.
Taslama doly tamamlanandan soň, Er-Riýad bilen Jidda arasyndaky ýol wagty häzirki wagtda awtoulag bilen 12 sagat bolsa, täze ýokary tizlikli otly bilen bu aralyk 4 sagatdan hem az wagtda geçilip bilner.
Bu başlangyç Saud Arabystanynyň demir ýol ulgamyny 5300 kilometrlikden 8000 kilometre çenli giňeltmek bilen, ýurdy sebitdäki iň möhüm logistika we transport merkezine öwürmegi maksat edinýär.
Saud Arabystanyň Demir ýol kompaniýasy (SAR) täze ulgamda ýolagçy we ýük gatnawlary üçin döwrebap stansiýalary gurmagy meýilleşdirýär. Demir ýol ulgamy Patyşa Abdalla portuny senagat şäherleri, hususan-da Ýanbu bilen birikdirer.
Mundan başga-da, SAR döwrebaplaşdyryş maksatnamasynyň çäginde, sagatda 200 kilometr tizlikde hereket edip bilýän 15 sany täze otly satyn aldy.
Täze demir ýol ulgamy Saud Arabystanynyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we “Wizsiýa 2030” maksatnamasynyň çäginde durnukly ösüşe ýardam bermek ugrunda möhüm ädim hökmünde garalýar.
