Saýatly «ak altyn» ussatlary 45 sentnerden geçirip hasyl alýarlar
Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşigi Lebap welaýatynda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Geçen ýyl bu hojalygyň pagtaçy kärendeçileri her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy başardylar. Hojalykda pagtaçylyk toparlarynyň 6-sy bolup, olaryň arasynda yglan edilen ýaryş ökdeden ökdäni saýlaýar.
Hemra Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän 2-nji pagtaçylyk topary geçen ýyl 150 gektara eken gowaçasyndan 610 tonna hasyl alyp, öňdeligi elde saklan bolsa, bu ýyl hem ol kerweniň başyny çekip barýar. Toparyň tejribeli kärendeçileri bolsa eýýäm özleriniň boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirip başladylar. Olardan Rozmeňli Öwezgeldiýewa iki ýygymda 45 sentner hasyl alyp, öňe saýlandy. Ogulsuraý Magtymowa hem özüniň 2,5 gektar kärende ýerinden on tonna golaý
«ak altyny» Watan harmanyna goşdy. Bu toparda şeýle tejribeli kärendeçileriň 87-si zähmet çekýär. Olaryň «Şor atyz» diýlen ýerde topragyň hyzmatyny ýetirip ýetişdirýän gowaçasyny synlasaň, gözüň dokunýar. Gowaçanyň «S-2606» sortuny ekip, bol hasyl ýetişdiren kärendeçilerden her gün meýilnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habarlar gelýär. Bu bolsa daýhan birleşigiň beýleki pagtaçylyk toparlaryny-da üstünlige ruhlandyrýar.
