Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
Bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýän döwrümizde, ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ugurda alnyp barylýan işler bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä talyp ýaşlar, mugallymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Çykyş edenler milli bilim ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmeginiň ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan ösüşine uly täsir ýetirýändigini nygtadylar. Şeýle-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda sanly bilim tehnologiýalarynyň girizilmegi bilen, bilim-terbiýeçilik işleriniň täze mazmuna eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.
Maslahatda bilimli, giň garaýyşly, zähmetsöýer we watansöýüji nesli kemala getirmekde milli ýörelgelerimiziň ähmiýeti, şeýle hem dünýä ylmynyň gazananlaryny ýerli tejribä ornaşdyrmagyň wajypdygy dogrusynda giňişleýin pikir alşyldy.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlara okamaga, işlemäge we ýaşamaga mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza saglyk, uzak ömür we döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.