Türkmenabat şäherinde Ylymlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan sagdyn ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenabat şäher häkimliginiň uly mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym, bilim – ösüşleriň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Iýun 16, 2025 - 12:34
Türkmenabat şäherinde Ylymlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Maslahat, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň şäher bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şäher halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, talyplar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler ýaş nesliň watansöýüjilik, halallyk, mertlik, ruhubelentlik ýaly milli gymmatlyklara daýanmak bilen, döwrebap bilim we ylym bilen baýlaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ahlaklylyk we zähmetsöýerlik häsiýetlerini terbiýelemek boýunça döwlet syýasatynyň uly orna eýedigi bellendi.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler, ýaşlara okamaga, işlemäge we ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza saglyk, uzak ömür we alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.