Täze bejeriş usuly ýarym sagadyň içinde deri rakynyň öýjükleriniň 92 %-ni we içege (kolorektal) rakynyň öýjükleriniň 50 %-ni ýok etdi
Rak — dünýä boýunça ölümiň ikinji esasy sebäbi bolup durýar. Alymlar dürli ýurtlardan täsirli bejeriş usullaryny gözleýärler. Täze usul ýagtylyk diod (LED) yşyklandyryşyny we ownuk galaýy plastinkalaryny birleşdirýär. Bu terapiýa sag öýjüklere zeper ýetirmezden, diňe rak öýjüklerini ýok edýär. Iş Teksas uniwersitetiniň (The University of Texas at Austin) we Porto uniwersitetiniň (University of Porto) alymlary tarapyndan alnyp baryldy. Netijeler ACS Nano žurnalynda çap edildi.
Bu açyşyň netijesinde täze ýagtylykly bejeriş usuly has elýeterli bolup biler. Häzirki wagtda munuň öňünde duran päsgelçilikler — materiallaryň gymmatlygy we ýöriteleşdirilen laboratoriýalaryň zerurlygy. Mundan başga-da, lazerler ulanylanda sag öýjüklere zeper ýetmek howpy bar.
Täze gözleg bu kynçylyklary LED-tehnologiýalary we alymlar tarapyndan ýörite döredilen «SnOx» diýlip atlandyrylýan rak garşy material bilen çözýär. «Sn» — elementleriň periodik tablisasyndaky galaýynyň nyşany.
Barlaglaryň netijeleri bu usulyň deri we içege rak öýjüklerine garşy ýokary täsirini görkezdi. Diýlip geçilişi ýaly, diňe 30 minutda deri rakynyň öýjükleriniň 92 %-i we içege rakynyň öýjükleriniň 50 %-i ýok edildi. Şeýle-de, bu bejergi sag öýjüklere hiç hili zyýan ýetirmedi.
Alymlaryň pikiriçe, bu usul howpsuz we innowasion. Şeýle hem, ol himiýaterapiýa ýaly beýleki usullarda duş gelýän agyr täsirleri döretmeýär.
Täzeden netijeleri tassyklap, alymlar bu materialyň ýagtylyga we ýylylyga nähili täsir edýändigini öwrenmek, şeýle-de başga laýyk katalizatorlary tapmak isleýärler. Olar lukmanlar we näsaglar üçin, esasanam ýörite enjamlar bilen üpjünçiligi çäkli sebitlerde, bu bejerişi elýeterli edýän enjamlary döretmegi maksat edinýärler.
