«El-klassiko» ýakynlaýar: haýsy çeşmeden göni efirde tomaşa edip bileris

Okt 24, 2025 - 16:48
«El-klassiko» ýakynlaýar: haýsy çeşmeden göni efirde tomaşa edip bileris

26-njy oktýabrda — ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen 20:15-de millionlarça janköýeriň iň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy — «el-klassiko» geçiriler.

Mardidiň «Realy» La Liganyň 10-njy tapgyrynyň çäginde Katalonyň «Barselonasyny» kabul eder.

Bu duşuşyk «Матч ТВ! Футбол – 2» teleýaýlymynda göni efirde görkeziler.

«Realda» Ronaldunyň, «Barselonada» bolsa Messiniň ýokdugyna garamazdan, «el-klassiko» hemmeleriň iň bir sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny bolmagynda galýar. Çünki ezeli garşydaşlaryň hiç haçan meşhurlygyny ýitirmejek oýny futboluň jadyly dünýäsini iň täsirli pursatlar bilen bezeýär.