“Arkadag” Futbol Topary üçin Taryhy Duşuşyk
17-nji sentýabr — türkmen futboly üçin täze sahypanyň ýazyljak güni! Şol gün “Arkadag” futbol topary Aziýanyň ikinji derejeli klub ýaryşy bolan AFC-2 Liganyň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji oýnunda meýdana çykar.
Bu duşuşyk hem taryhy, hem-de jogapkärçilikli — “Arkadag” ilkinji gezek halkara klub ýaryşynda çykyş edýär we ilkinji garşydaşy bolsa az sanlylaryň ýeňip bilýän topary — Özbegistanyň “Andijan” futbol topary.
Duşuşyk nirede?
Oýun “Arkadag” şäherindäki döwrebap stadionda geçiriler. Öz meýdançasynda oýnamak toparymyza goşmaça güýç, janköýerleriň joşgunly goldawy bolsa güýçli itergi bolar!
Näme üçin bu oýun möhüm?
-
Bu duşuşyk Türkmenistanyň futbol taryhynda täze sahypanyň başlangyjy;
-
“Arkadag” toparynyň halkara arenadaky ilkinji synagy;
-
Ýeňiş bolsa diňe bir klub üçin däl, tutuş ýurt üçin buýsanç bolar.
Gel, sen hem golda!
Futbol diňe bir sport däl — bu halkyň ruhy, buýsanmasy we agzybirligi. Gelin, “Arkadag” futbol toparymyzy bu möhüm duşuşykda yürekden goldalyň we türkmen futbolynyň täze taryhynyň ýazylmagyna şaýat bolalyň!
