Türkmen-hindi söwda hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

24-nji iýulda, Delide Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Hindistanyň Söwda, senagat, elektronika we maglumat tehnologiýalary ministri Jitin Prasadyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministr J. Prasadyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berildi.
Hindi tarapy ministr N. Agahanowy täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň Hindistana ilkinji gezek resmi sapar bilen gelendigine hoşallyk bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar:
-
söwda gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegi,
-
oba hojalygy we azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygyň berkidilmegi,
-
tehnologiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün ministr N. Agahanow Hindistanyň işewürlik jemgyýetiniň wekilleri bilen "Vanijya Bhawan" binasynda aýratyn duşuşyk geçirdi. Hindi tarapyndan gepleşiklere Hindistanyň Eksport guramalarynyň federasiýasynyň (FIEO) baş direktorynyň orunbasary Suwidh Şah we Söwda ministrliginiň utgaşdyryjy sekretary Mohit Ýadaw gatnaşdylar.
Bu duşuşykda ministr N. Agahanow hindi kärdeşleri bilen türkmen-hindi söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem iki ýurduň eksportçulary we kärhanalary üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.
Gepleşikler Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda söwda ulgamyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň çäklerinde geçirildi.