TP-Link suw geçirmeýän we Wi-Fi 7 goldaýan täze EAP772-Outdoor routerini tanyşdyrdy
2025-nji ýylyň iýun aýynda TP-Link kompaniýasy täze EAP772-Outdoor atly daşary şertler üçin niýetlenen routerini hödürledi. Bu enjam IP68 derejesindäki goragy, ýagny suwdan, tozandan we hatda gysga wagtlyk suwa batan halatlarynda-da işleýändigini görkezýär. Bu bolsa ony agyr şertlerde, açyk meýdanlarda ýa-da senagat maksatlary üçin amatly edýär.

EAP772-Outdoor routeriniň aýratynlyklary:
-
Wi-Fi 7 goldawy bilen
-
Üç ýygylyk diapazony:
-
2.4 GHz
-
5 GHz
-
6 GHz
-
-
Tizlik:
-
Jemi 5,76 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligi
-
380-e çenli enjamy bir wagtda baglap bolýar
-
-
Tehnologiýalar:
-
Mesh Wi-Fi (torda giňden paýlanma mümkinçiligi)
-
PoE (Power over Ethernet) — elektrik we internet bir kabelli üpjün edilýär
-
-
Örtüş meýdany:
-
300 m² çenli
-
-
Gorag derejesi:
-
IP68: güýçli ýagyş, tozan we gysga wagtlyk suwa barmak ýaly ýagdaýlara garşy gorag
-
Bu dereje enjamyň suwa doly çümmegi üçin däl, ýöne kyn şertlerde işlemek üçin niýetlenendir
-
-
Baha:
-
Takmynan $565
-
-
Satuwa çykjak wagty:
-
2025-nji ýylyň iýun aýy
-
Kimler üçin niýetlenýär?
Bu router esasan:
-
Korporatiw ulgamlar,
-
Ambarlar,
-
Gurluşyk meýdançalary,
-
Açyk meýdanlar ýaly çylşyrymly we ýokary howply iş ýerleri üçin niýetlenendir.