Hytaý 2027-nji ýyla çenli “emeli gün” döretmegi tamamlamagy meýilleşdirýär

Okt 28, 2025 - 12:08
Hytaý 2027-nji ýyla çenli “emeli gün” döretmegi tamamlamagy meýilleşdirýär

Hytaý 2027-nji ýylda elektrik energiýasyny öndürmek üçin “emeli gün” hökmünde tanalýan BEST atly tejribe reaktorynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili Mao Ning sosial ulgam X-de habar berdi.

“Maksat — ýanýan plazmaly, ýokary geçirijilikli tejribe reaktorynyň gurluşygyny 2027-nji ýylda tamamlamakdyr” diýip, Mao Ning aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Hytaý alymlar akademiýasynyň Plazma fizikasynyň institutynyň taýýarlan bu enjamy dünýäde ilkinji bolup elektrik energiýasyny öndürip biljek reaktor bolup biler. Reaktor Anhoý welaýatynyň Hefei şäherinde gurulýar.

Agramy 400 tonnadan gowrak bolan bu enjam ägirt uly termosyň elýeter nusgasydyr. Onuň ýokary geçirijilikli magnitleri plazmany — deýteriý we tritiý garyndysyny — saklamak üçin -269°C çenli sowadylýar.

BEST — “emeli gün” adyny alan ilkinji hytaý enjamy däl. Mundan öň EAST  reaktory şeýle at bilen tanalypdy. 2025-nji ýylyň başynda ol dünýä rekordyny goýup, plazmany 1066 sekuntlap saklap bilipdi.

Maý aýynda “Bloomberg” agentligi Hytaýyň “emeli gün” taslamasyny diňe XXI asyryň ortalaryna çenli işe girizip biljekdigini ýazypdy.