Türkmen Ak Öýiniň öňünde Täze ýyl şatlygynyň öwüşgini

Dek 19, 2025 - 08:21
Dek 19, 2025 - 08:23
Türkmen Ak Öýiniň öňünde Täze ýyl şatlygynyň öwüşgini

Lebap welaýatynda Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly garşylamak maksady bilen Türkmen Ak Öýiniň öňi ýörite bezegler bilen bezeldi we uly Täze ýyl arçasy gurnaldy. Baýramçylyk bezegleri şäher ilatyna ruhubelentlik bagyşlap, Täze ýylyň ýakynlaşýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen Ak Öýiniň öňünde oturdylan Täze ýyl arçasy dürli reňkli çyralar, baýramçylyk oýnawaçlary we döwrebap bezeg serişdeleri bilen bezelip, agşamky wagtlarda aýratyn owadan görnüşe eýe bolýar. Arçanyň töweregi hem ýagtylandyrylyp, bu ýer Lebabyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Täze ýyl ruhuny duýmakda iň gelim-gidimli nokatlaryň birine öwrüldi. Baýramçylyk bezeglerinde milli öwüşginlere hem aýratyn orun berlip, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary döwrebap Täze ýyl bezegleri bilen sazlaşykly utgaşdyryldy.

Bu bolsa çärä özboluşly aýratynlyk berýär. Täze ýyl arçasynyň gurnalmagy bilen birlikde, geljek günlerde Türkmen Ak Öýiniň öňünde medeni çäreleriň, konsertleriň, şadyýan çykyşlaryň we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler ýaş-uly hemmeler üçin şatlykly pursatlary sowgat eder. Lebap welaýatynda döredilen baýramçylyk keşbi Täze ýyly uly umytlar, gowy arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy almaga giň mümkinçilik döredýär.