KHBS: FIFA 2026-njy ýylky dünýä çempionatynyň öňýany offsýad düzgünini üýtgedip biler

Okt 20, 2025 - 08:17
Okt 20, 2025 - 08:25
KHBS: FIFA 2026-njy ýylky dünýä çempionatynyň öňýany offsýad düzgünini üýtgedip biler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňýany offsýad düzgünini üýtgedip biler.

Bu barada Mundo Deportivo neşirine salgylanyp, Report ýazýar. Maglumatda bellenilişine görä, bu maglumat öňki emin Eduardo Itturralde Gonsalesiň aýdanlaryna esaslanýar.

Söhbet Arsen Wenger tarapyndan teklip edilen we “Wenger kanuny” ady bilen tanalýan offsýad düzgüni barada aýdylýar. Arsen Wenger öňki futbolçy we tälimçi bolup, häzirki wagtda FIFA-nyň dünýä futbolynyň ösüşi boýunça direktory wezipesinde işleýär.

Wengeriň inisiatiwasyna görä, offsýad diňe hüjümçi bilen goragçynyň arasynda açyk aralyk bar bolan ýagdaýynda hasaba alynar. Eger oýunçylar bir çyzykda ýerleşýän bolsa – hatda bölekleýin hem bolsa, meselem, hüjümçiniň dabany goragçynyň aýagynyň ýokarky bölegi bilen deňleşýän bolsa – onda offsýad hasaba alynmaz.

“Bu prosedura şeýle bolýar: oktýabr aýynyň ahyrynda ýa-da noýabrda 23 oýunçydan we 11 eminçiden ybarat bilermenler topary täze teklipleri gözden geçirýär. Has gyzykly ýeri, bu toparyň ýolbaşçysy hem şol teklibiň awtorynyň özi – Wenger. Eger bu pikir bu tapgyrdan geçse, onda 20-nji ýanwarda ýyllyk ýygnaga hödürlenýär, soňra bolsa fewralyň ahyrynda ýa-da mart aýynyň başynda geçirilýän umumy ýygnaga çykarylýar. Bu tapgyra çenli baryp ýetýän teklipleriň 95%-i adatça tassyk edilýär” diýip, Itturralde belledi.

Täze düzgün 2026-njy ýylda – dünýä çempionatynyň öňýany synagdan geçiriler diýlip bellenilýär.