Türkmen ýaşlarynyň taslamalary abraýly halkara bäsleşigiň altyn medallaryna eýe boldy

Okt 10, 2025 - 18:59
Türkmen ýaşlarynyň taslamalary abraýly halkara bäsleşigiň altyn medallaryna eýe boldy

Sentýabryň ahyrky günlerinde Ma­laý­zi­ýa­nyň Saý­ber­ja­ýa şä­he­rin­de ýur­duň Ýaş alym­lar gu­ra­ma­sy bi­len Mul­ti­me­dia uni­wer­si­te­ti­niň gu­ra­ma­gyn­da Bü­tin­dün­ýä Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bäs­le­şi­gi (World Sus­tai­nab­le Develop­ment Goals Chal­len­ge — WSDG 2025) ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­ge Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň 4-nji ýyl ta­lyp­la­ry Baý­na­zar Mu­ham­me­dow bilen Jeý­hun Ju­ma­şow bi­le­lik­dä­ki «HeartS­tep: ça­ga­la­ryň ir­ki ösü­şin­de gep­le­şik ukyp­la­ry­ny ös­dür­mek» at­ly tas­la­ma­sy bilen gatnaşdy. Bu taslama bäsleşigiň «Grand Pri­ze Run­ne­rup» baş baý­ra­gy­na, al­tyn me­da­la, tas­la­ma­ny ös­dür­mek üçin pul baý­ra­gy­na, şeý­le hem Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­na ça­ky­ly­ga my­na­syp bol­dy.

Ýeri gelende bellesek, mobil programma 1.5 ýyldan gowrak wagtdan bäri işleýär. Ähmiýetli tas­la­ma gür­le­me­si kyn ça­ga­la­ra gep­le­mä­ge kö­mek ed­ýän luk­man­çy­lyk usu­ly esa­syn­da, lo­go­ped­ler, ça­ga psi­ho­log­la­ry, de­giş­li ug­ruň luk­man­la­ry bi­len mas­la­hat­la­şy­lyp taý­ýar­la­nyl­dy. Ol yk­jam go­şun­dy gör­nü­şin­de bo­lup, türk­men, rus dil­le­rin­de sözleýiş ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýär. On­dan äh­li ça­ga­lar peý­da­la­nyp bil­ýär­ler.

Bäs­le­şi­ge 17 döw­let­den — Türk­me­nis­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, In­do­ne­zi­ýa­dan, Tai­land­dan, Fi­lip­pin­ler­den, Bang­la­deş­den, Ru­my­ni­ýa­dan, Bra­zi­li­ýa­dan, El-Sal­wa­dor­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­dan, BAE-den, Mü­sür­den, Hin­dis­tan­dan, Pa­les­ti­na­dan, Wýet­nam­dan, Gwa­te­ma­la­dan 2100-den gow­rak tas­la­ma işi hö­dür­le­nil­di.

Ta­lyp­la­ryň 2 ýy­la go­laý wagt bä­ri kä­mil­leş­dir­ýän bu yk­jam go­şun­dy­sy Flut­ter prog­ram­ma di­lin­de ýa­zyl­dy. Ge­çen ýyl ol «San­ly çöz­güt — 2024», şeý­le-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ri­len in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şik­le­rin­de ýe­ňi­ji bolup­dy. Mundan başga-da, türkmen ýaşlarynyň arasynda guralan «ICT Startup: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly bäsleşikde ikinji ýeri eýeläpdi.

Malaýziýada geçen bäsleşikde türkmen ýaşlarynyň ýene bir üstünligi bellige alyndy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 2-nji ýyl talyby Yhlas Kurbanow bäsleşige awtorlar bilen okyjylaryň arasynda aragatnaşygy guramaga niýetlenen «Synçy» saýtynyň taslamasy bilen gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldy. Bu taslama durnukly ösüşiň 4-nji — «Hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin bütin ömrüň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek» maksadyna laýyklykda taýýarlanyldy.

 «Synçy» saýty kitaplaryň hilini kämilleşdirmekde, kitap okamaga höwesi artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Oňa awtorlar kitaplaryny, ýazan işlerini ýükleýärler, olary okan okyjylar eden bellikleri, ýüze çykaran ýalňyşlyklary üçin höweslendirilýär. Bu saýt awtor bilen okyjynyň arabaglanyşygyny ösdürýär. Saýtyň gurluşy HTML, dizaýny CSS, işleýşi JavaScript, serwer bölegi, logikasy Django-Python framework arkaly taýýarlanyldy.

Halkara eminler topary bu taslamalara ýokary baha berdiler hem-de olary geljekde ösdürmekde üstünlikleri arzuw etdiler.