«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

Iýul 13, 2025 - 17:47
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET GULLUGYNYŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy.
2. Howa gämileriniň we awiaherekete getirijileriniň tehniki taýdan ulanylyşy.
3. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek.
4. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy.
5. Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy.
6. Howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak.
 Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 25-den geçmedik
Türkmenistanyň raýatlary (oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
 Okuwyň möhleti — 2,5 ýyl. Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
 Dalaşgärleriň ýaşy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada mekdebiň direktorynyň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— narkologiýa hem-de psihonewrologiýa hassahanalaryndan güwähat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
 — pasportyny;
 — harby şahadatnamasyny.
 Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
 Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
 Okuw dersleri boýunça giriş synaglary
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde ýazmaça we dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

«Türkmenhowaýollary»
döwlet gullugynyň Howa
ulaglarynyň işgärlerini
taýýarlaýan mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., 2089-njy
(A.Amanow) köçesi, 17,
tel.: 23-34-21.