Türkmenistanly mekdep okuwçylar halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar.

Iýun 4, 2025 - 18:44
 0
Türkmenistanly mekdep okuwçylar halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar
Surat: Uza.uz

Geçirilýän Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyny barada giňişleýin uza.uz saýty habar berýär. 

28-nji maýda başlanan halkara olimpiada ýer eýesi Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan, Saud Arabystany, Türkiýe, Azerbaýjan, Mongoliýa, Belarus Respublikasy, Wýetnam, Russiýa, Gruziýa, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy hem-de Täjigistan ýaly ýurtlardan jemi 115 sany mekdep okuwçy gatnaşýar.

Halkara olimpiada iki tapgyrda: ýazuw işi (nazaryýet boýunça) we amaly iş (laboratoriýada) esasynda geçirilip, ol 4-nji iýuna çenli dowam eder.

Olimpiadanyň çäginde mekdep okuwçylary üçin halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda birnäçe ussatlyk sapaklary geçiriler. Şeýle-de gatnaşyjylar üçin Daşkentdäki we Samarkantdaky taryhy we medeni ýerlere syýahatlar guralar.