Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky Dänew etrabynyň Seýdi şäher şahamçasyndan sanly bank hyzmatlary

Hormatly müşderiler!
«Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher şahamçasy ýuridik şahslara we hususy telekeçilere sanly bank hyzmatlarynyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär.
Sanly ulgam arkaly «Internet-bank» hyzmaty bilen müşderiler banklara barmak zerurlygy bolmazdan, hasap-hesaplary boýunça geçirimlerini amala aşyrýarlar. Banka iberilen töleg resminamalarynyň hereketini görmek, hasap-hesaplary geçirmek, karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak ýaly ýüz tutmalary online görnüşde bermek amatlylygy döredilýär.
Bu hyzmatlaryň ählisi internet ulgamy bolan islendik wagtda, şahsy kompýuter, planşet ýa-da ykjam telefon arkaly ýerine ýetirilip bilner.
«Internet-bank» hyzmatynyň amatlylyklaryndan peýdalanmak üçin
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäherindäki şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Salgy: Dänew etrabynyň Seýdi şäheri, Bitaraplyk köçesi, 12-nji jaý
Habarlaşmak üçin telefon: 8 (426) 7-25-57, 7-08-48
Websaýt: www.tbbank.gov.tm