Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlary

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatyna göre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagy, halkara parahatçylygy, durnukly ösüş we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bilen aýratyn ähmiýete eýe boldy. Biziň ýurdumyz bu sessiýa diňe bir dünýä diplomatiýasynyň möhüm tapgyry hökmünde däl, eýsem, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalara möhüm goşant hökmünde garaýar.

Sen 19, 2025 - 08:40
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlary

Parahatçylyk we howpsuzlyk: Bitaraplygyň çäklerinde täze başlangyçlar

Türkmenistanyň öňe sürýän syýasy garaýyşlarynyň özeninde halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi durýar. Ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylykly gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini öňe sürýär. Bu ugurda ýurdumyz, BMG-niň degişli Kararnamasy esasynda "Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany" taýýarlamak hem-de Aşgabatda "Parahatçylyk üçin Araçylyk Palatasyny" döretmek başlangyçlaryny öňe sürdi.

Şeýle hem, 2025-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirilip, “Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine” atly täze maddanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibine girizilmegi göz öňünde tutulýar. Bu başlangyçlaryň ählisi Türkmenistanyň halkara parahatçylyga bolan ygrarlylygynyň subutnamasydyr.

Durnukly ösüş, ulag we energetika: Täze global başlangyçlar

Türkmenistan BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşe gönükdirilen syýasaty yzygiderli goldaýar. Bu ugurda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň biri — BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny (2026–2035) yglan etmek baradaky teklipdir. Şeýle hem, ýurt “Açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň üpjün edilmegi” we “Dünýä sanly integrasiýa platformasynyň” döredilmegi bilen bagly möhüm resminamalary BMG-niň degişli edaralarynyň garamagyna hödürleýär.

Türkmenistan energetika ulgamynda dünýä derejesinde ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen bir hatarda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň diňe parahatçylyk we ösüş maksatlaryna hyzmat etmelidigini öňe sürýär.

Ekologiýa, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri: Sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyk

Türkmenistan daşky gurşawy goramakda, hususan-da, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleri we çölleşme bilen baglanyşykly meselelerde halkara başlangyçlary öňe sürýär. Amyderýa we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy hem-de Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkeziň döredilmegi teklip edilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýar. Şeýle hem Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak boýunça Hazar ekologiýa forumynyň ikinjisini 2026-njy ýylda geçirmegi maksat edinýär.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk we medeni dialog: Halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak

Türkmenistan halkara derejede ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň çäklerinde "Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk" hem-de "Ýaşlar, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk" tematikalary boýunça halkara geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär.

Ýene bir möhüm başlangyçlaryň biri hem "Köpdilli diplomatiýanyň halkara güni" diýip yglan edilmegi baradaky teklipdir. Şeýle hem Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformanyň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistan taryhy-medeni mirasy halkara hyzmatdaşlygyň we parahatçylyk dialogynyň möhüm bölegi hasaplap, “Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy” baradaky Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýär.

Halkara hukuk we BMG bilen gatnaşyklary ösdürmek

Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlarynyň esasyny halkara hukuk ýörelgeleri düzýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde "2028-nji ýyly — Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek baradaky teklip bu ugurda möhüm ädimdir.

Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň ykdysady we durmuş edaralarynyň, Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaş etmek bilen, guramanyň işine has işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň dowamynda öňe sürýän başlangyçlary, onuň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, halkara parahatçylyga, durnukly ösüşe hem-de hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygynyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistan BMG-niň ähli agza döwletleri bilen deňhukukly we ynanyşykly gatnaşyklary ösdürmegi, bu guramanyň Tertipnamasyna esaslanyp halkara gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegini goldamagy dowam etdirýär.