Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDÄKI DEŇIZÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Gämi sürmeklik.
2. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
3. Gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
5. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
7. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy.
8. Logistikada operasion işi.
9. Maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy.
10. Töwerekleýin gurşap alýan tebigaty gorap abadanlaşdyrmak.
11. Myhmanhana hyzmatlary.
Deňizçilik orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2-2,5 ýyl. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenbaşy şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary
döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki
deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Türkmenbaşy ş.,
Döwletmämmet Azady köçesi, 75,
tel.: 4-77-78, 4-77-79, 4-75-15.