Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGYNYŇ TÜRKMENABAT ŞÄHERINDÄKI DERÝAÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Gämi sürmeklik.
2. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
3. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
5. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.
6. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.
7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
8. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
9. Maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy.
10. Logistikada operasion işi.
11. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
12. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
13. Gämi gurluşygy we abatlaýyş.
Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2-2,5 ýyl. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň awgust
aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistikada operasion işi — matematika, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy; kompýuter ulgamlarynda programmirlemek — informatika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary
döwlet gullugynyň Türkmenabat
şäherindäki derýaçylyk orta hünär
okuw mekdebiniň salgysy:
Türkmenabat ş.,
Gurbansoltan eje köçesi, 21,
tel.: 7-44-52; 3-63-63.