Türkmenistanyň Maýa Goýum Forumy «Awazada» öz işine başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. TDH habar bermegine görä bu möhüm çäräniň geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde täze mümkinçilikleriň açylmagyna, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyna giň ýol açýar.

Sen 19, 2025 - 08:05
Türkmenistanyň Maýa Goýum Forumy «Awazada» öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisini bu möhüm çäre bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol çykyşynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň giňdigini nygtap, forumyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Prezidentiň belleýşi ýaly, bu forum Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Şeýle giň gerimli çäreler döwletimiziň ykdysady syýasatynyň aýdyň beýany bolup durýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz forumyň Türkmenistanyň senagat kuwwatyny artdyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini giňeltmek ýaly möhüm maksatlara hyzmat edýändigini belledi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, durmuşa geçirilýän strategik maksatnamalar daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň mümkinçilik döredýär. Forumda halkara maliýe-bank guramalarynyň, daşary ýurt işewürleriniň, türkmen telekeçileriniň we döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda özara tejribe alyşmak, täze taslamalary durmuşa geçirmek babatda möhüm pikir alyşmalar geçiriler.

Forumyň çäginde ýurduň sanly ykdysadyýetiniň ösüşi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, öndürilýän önümleriň halkara standartlaryna laýyk getirilmegi ýaly meseleler hem öz çözgüdini tapar. Çärä gatnaşyjylar Diýarymyzyň innowasion-tehnologiýalar ugrunda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle-de, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy ýaly ugurlar boýunça hem möhüm ylalaşyklar gazanylmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda foruma gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.