Türkmenabat şäherindäki Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebi

Türkmenabat şäherindäki Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebi 2025–2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa çagyrýar.

Iýun 20, 2025 - 17:03
Türkmenabat şäherindäki Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebi

2025–2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär:

Hünärler:

  1. Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi

  2. Stansiýa nobatçysy

  3. Demirýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montajçy-elektromehanik

  4. Wagonlary gözden geçiriji we abatlaýjy

  5. Demirýollaryna hyzmat ediji we abatlaýjy ussa

Okuw görnüşleri:

  • Gündizki

  • Gaýybana (agşamky)

Okuw möhleti:

  • 1,5 ýyl

  • Tölegli esasda

Talap edilýän resminamalar:

Resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap kabul edilýär. Talyplyga dalaşgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:

Esasy resminamalar:

  • Direktor adyna ýazylan arza (bellenen nusgada)

  • Anketa (bellenen nusgada)

  • Orta bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy

  • Saglyk kepilnamasy (bellenen nusgada)

  • Öňki okan ýa-da işlän ýerinden, ýa-da harby bölümlerden häsiýetnama

  • 3x4 sm ölçegdäki 6 sany fotosurat

Şahsy resminamalaryň görkezilmegi:

  • Pasport nusgasy ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (eger pasport ýok bolsa)

  • Harby gullukdan geçenler üçin harby şahadatnama

  • Harby gulluk geçmedik oglanlar üçin ýazylş şahadatnamasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden kepil haty

Eger dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalansa, munuňy subut edýän goşmaça resminamalary hem görkezmeli.

Nädogry berlen maglumatlar we galplaşdyrylan resminamalar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çeker.

Giriş synaglary:

  • Giriş synaglary 2025-nji ýylyň 27–28–29-njy awgustynda Türkmenabat şäherindäki Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.

Salgy:

Türkmenabat şäheri, Soltan Sanjar köçesi, 27-nji jaý

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
8-00-422-5-75-24, 39-02, 28-98

Resminamalar goşmaça ýagdaýda 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.