Wimbledon 2025: Bedeniň hötdesinden gelmedik pursady — Grigor Dimitrowyň tragediýasy
Wimbledon 2025: Dimitrowyň ýarasy Sinnere garşy oýundaky üstünlikli çykyşyny togtatdy. Grigor Dimitrow Sinnere garşy tapawutly oýnaýardy, ýöne döş myşsasynyň ýarasy sebäpli Wimbledon-yň 4-nji tapgyryndaky oýundan çekilmäge mejbur boldy.

London — Duşenbe güni Wimbledonyň Merkezi kortunda bir pursatda hyjuw, umyt we ýürek agyrysy bilelikde ýüze çykdy. Bolgariýaly tennisçi Grigor Dimitrow dünýäniň ilkinji raketkasy Ýannik Sinnere garşy ýokary derejeli oýny görkezýärdi. Emma döş myşsasynyň ýarasy onuň bu täsin çykyşyny togtatdy.
Hasap: 6:3, 7:5, 2:2 – Dimitrowyň peýdasyna. Stadion joşgun bilen ganat açdy, ýöne soňky ädimde hemme zat üýtgedi. Dimitrow güýçli eýs urgusyndan soň elini döşüne tutdy we ýer ýüzüne çökdi. “My pec, my pec…” diýip agyrlyk bilen aýtdy. Tiz wagtdan soň ol gözýaş bilen meýdançany terk etdi – diňe bedeni däl, ruhy hem ýaralydy.
"Men muny ýeňiş hökmünde görmeýärin" — diýip Sinner oýundan soň aýtdy. — "Ol ajaýyp oýnaýardy. Onuň tizrak sagalmagyny arzuw edýärin" - diýip sahypasynda paýlaşdy.
35 ýaşyndaky Dimitrow soňky ýyllarda iň güýçli formasynda çykyş edýärdi. Onuň güýji, hereketi we taktiki çemeleşmesi beýlekilerden tapawutlanýardy. 2014-nji ýyldaky ýaly Wimbledonyň ýarym finalyna ýetmek arzuwy entek onuň öňündedi.
Emma ýeňişiň ýerine ýene bir şowsuzlyk — soňky bäş "Uly tuwulga" ýaryşynyň bäşisinde hem ol ýaralar sebäpli çykyşlaryny wagtyndan öň togtatmaly boldy.
Ýannyk Sinneriň ýeňişi belläp gygyrman, tersine, ýoldaşyna kömek edip, meýdançadan çykyp gitmegine ýoldaşlyk etmegi — Wimbledon 2025-iň iň emosional pursatlarynyň biri boldy.
Sportda hakykat diňe medallar däl — adamkärçilikde hem görünýär.
Sinner çärýek finala geçdi we ABŞ-nyň wekili Ben Şelton bilen oýnar. Dimitrow bolsa saglyk barlaglaryndan geçmeli bolar. Onuň geljegi näbelli, ýöne ruhy güýçli galýar. Ol sag bolsa, islendik garşydaş üçin howply tennisçi bolup galýar.