Soltangalanyň Firuz derwezesi — Merwiň şöhratly taryhynyň dilsiz şaýady
Soltangalanyň günbatar tarapyndaky gadymy Firuz derwezesi Merwiň baý taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup, Orta asyrlarda söwda, goranyş we şäher gurluşygy babatda möhüm ähmiýete eýe bolan ýadygärlikleriň biridir. Gazuw-agtaryş işleri onuň diňe bir gurluşyk taýdan däl, eýsem, ykdysady we harby strategiýa taýdan hem örän möhüm bolandygyny görkezýär. Derwezäniň gurluşyndaky üýtgeşmeler, ýarym aýlaw diňleriň gurluşy, zikgelenen teňňeler Merwiň XIII asyrdaky ösüşine we mongol çozuşlaryndan soňky täzeden dikeldilişine ýakyn şaýatlyk edýär.

Gadymy türkmen topragy müňýyllyklaryň dowamynda köp sanly medeniýetleriň, döwletleriň we beýik şahsyýetleriň ýurdy bolup hyzmat etdi. Bu belent taryhyň öçmez sahypalary bolsa, häzirki wagtda dürli künjeklerde ýerleşýän beýik medeni-taryhy ýadygärliklerde janlanýar. Şolaryň biri hem — gadymy Merw şäheriniň düýpli bölegi bolan Soltangalanyň günbatar girelgesi – Firuz derwezesi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» hem-de «Hakyda göwheri» ýaly gymmatly eserlerinde belleýşi ýaly, Merw VII — XIII asyrlarda Merkezi Aziýanyň iň möhüm medeni, syýasy hem-de ykdysady merkezleriniň biri bolupdyr. Gadymy şäheriň çäginde ýerleşýän Soltangala we onuň Firuz derwezesi şol döwürleriň şöhratly wakalarynyň dilsiz şaýady hökmünde häzirki döwre çenli gelip ýetipdir.
Firuz derwezesi Merwiň günbatar diwarynyň girelgesinde ýerleşipdir we taryhda başlangyç döwründe giň we göni geçýän ýol bilen tanalypdyr. Bu ýol Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň biri bolup, Sarahs we Abiwerd şäherlerine tarap gidýän kerwen ýollarynyň ugry hökmünde ulanylypdyr. Şol sebäpli derweze diňe goranyş däl, eýsem ykdysady-üstaşyr ähmiýete hem eýe bolupdyr.
Ilkinji görnüşde derweze 28 metr diametrli ýarym aýlaw diň görnüşinde gurlupdyr. Diňiň içindäki ýol göni bolup, onuň uzynlygy 36 metre, ini bolsa 6 metre barabar bolupdyr. Şäheriň merkezi köçesine doly gabat gelýän bu girelge şäher gurluşygynyň üýtgewsiz meýilnamasyny görkezýär.
Derwezäniň gurluşynda harby maksatly çözgütler hem üns merkezinde bolupdyr. XI-XII asyrlarda duşman hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen girelgä tirsek görnüşli öwrüm girizilipdir. Şeýlelikde, at üstündäki duşmanyň göni şähere aralaşmagy kynlaşdyrylypdyr. Girelgäniň gyralarynda ýarym aýlaw çykyklar we ýörite bosagalar gurlup, duşman atlarynyň hereketine päsgel berýän täsirli strategiýa döredilipdir.
Firuz derwezesi birnäçe gezek weýran edilip, soňra dikeldilipdir. Ilkinji gezek XI asyrda Arslan Argun tarapyndan ýumrulypdyr, soňra Soltan Sanjaryň döwründe düýpli dikeldiş işleri geçirilipdir. 1221-nji ýylda mongollaryň hüjümi netijesinde derweze ýene-de haraba öwrülipdir. Emma XIII asyryň ikinji ýarymynda täzeden dikeldilipdir.
Bu faktlar diňe ýazgy çeşmelerde däl, eýsem arheologik tapyndylarda-da öz beýanyny tapýar. 1990-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryşlarda derwezäniň aşagyndan 59 sany kümüş teňňe — dirhem tapylypdyr. Bu teňňeler XIII asyryň 80-nji ýyllaryna degişli bolup, Merwde zikgelenipdir. Şol döwürde şäherde teňňe basylýan resmi ýer – zikgehana bolupdyr. Tapylan teňňeler diňe pul dolanyşygy däl, eýsem, şäheriň ykdysady derejesi, täzeden dikeldilişi we döwletiň maliýe ýagdaýy barada gymmatly maglumatlary berýär.
Gazuw-agtaryşlaryň dowamynda oda ýanan derwezäniň galyndylary, demir listler, kerpiç örümler we harby taýýarçylyk üçin ulanylan daşlar tapyldy. Dikeldiş işlerinde derwezäniň poly 0,9 metr ýokary galdyrylyp, öňki gurluşyk gatlaklarynyň üstünden täze gurluşyk gurnalandyr.
Şeýle taryhy tapyndylar diňe bir gadymy Merwiň däl, eýsem bütin türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Firuz derwezesi diňe bir gadymy binagärligiň nusgasy bolman, eýsem halkymyzyň döwürleýin söweş, goranyş, gurluşyk hem-de ykdysadyýet tejribesiniň janly nusgasydyr.
Gadymy Merw şäheriniň günbatar girelgesi bolan Firuz derwezesi – diňe bir daşdan bina edilen gurluş däl. Ol müňýyllyklaryň dowamynda dürli döwrüň ýazgylaryny, wakalaryny, ösüşlerini we çöküşlerini ýatda saklaýan dilsiz şaýatdyr. Bu ýadygärlik türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny täze nesillere ýetirmekde, ylmy taýdan öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde aýratyn orna eýedir.