«HER GÜNÜŇ» täze üstünlikleri
«HER GÜNÜŇ» täze üstünlikleri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we içerki bazarlarda öz önümlerimiziň paýyny artdyrmakda hususy telekeçileriň goşandy barha artýar. Şeýle üstünlikli telekeçileriň biri hem Saýat etrabynyň hususyýetçisi Alym Joraýew bolup, onuň ýolbaşçylygyndaky “Her gün” haryt nyşanly önümçilik kärhanasy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birinde — azyk önümçiliginde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.
“Her gün” süýt önümçiligi bölümi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän, doly awtomatlaşdyrylan tehnologik ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde Türkiýäniň we Niderlandlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, her gün 2,5 tonna sygyr süýdi gaýtadan işlenýär. Önümçilikde gaýmak, goýaldylan gaýmak, gatyk, dorog, peýnir ýaly ýokary hilli süýt önümleri taýýarlanyp, ýurdumyzdaky ak bazarlara yzygiderli ugradylyp durulýar.
Bu ýokary hilli önümçiligi üpjün etmek üçin çig mal bilen yzygiderli üpjünçilik ugrunda işler talabalaýyk ýola goýlandyr. Iri şahly mallardan alnan süýt bilen birlikde, şahsy hojalyklardan hem sygyr süýdi satyn alynýar.
Süýt önümleriniň düzüminde ýerli bugdaý uny goşulyp, baýlaşdyrylan görnüşli gowrulan ýer almalaryň 5 görnüşi hem-de kakadylan çörek bölejikleriniň 6 görnüşi taýýarlanýar. Kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri günde 36 müň gapdan gowrak azyk önümçiligine mümkinçilik berýär.
Kärhananyň konditer önümleri bölümi-de sazlaşykly işleýän, ýokary öndürijilikli bir önümçilik ulgamydyr. Bu ýerde häzirki wagtda 20-den gowrak görnüşli konditer önümi taýýar edilýär. Olaryň arasynda dürli tagamly kökeler, keksler, guradylan we ak kökeler, bişirilen çörekler aýratyn islegden peýdalanýar.
Önümleriň ýokary hil derejesini üpjün etmekde öz işine ussat hünärmenleriň hyzmaty uludyr. Şolaryň hatarynda Jeren Esenowa, Beğendik Egemberdiýew, Mähri Mergenowa, Arzuw Seýitliýewa, Gülbahar Haýtyýewa, Gülzar Rüstemowa, Aýjahan Rozynazarowa, Firýuza Hudaýberdiýewa ýaly tejribeli işgärler bar.
Geçen ýylyň dowamynda konditer önümleriniň 3 tonnadan gowragy taýýarlanyp, ýurdumyz boýunça ak bazarlara ugradylypdyr. Bu bolsa kärhananyň diňe bir önümçilik taýdan däl, eýsem bazar bilen hyzmatdaşlyk derejesiniň hem ýokarydygyny görkezýär.
Alym Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky “Her gün” önümçilik kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynda we içerki bazaryň ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün edilmeginde nusgalyk görelde bolup hyzmat edýär.
Kärhananyň alyp barýan giň gerimli işleri telekeçiligiň mümkinçilikleriniň giňdigini we döwletiň döretýän amatly şertleriniň netijesinde işewürligiň çalt depginler bilen ösýändigini doly äşgär edýär.