ÝB Orta koridoryň çäklerinde hyzmatdaşlyk üçin utgaşdyryjy gurluş döreder
Ýewropa Bileleşigi, Türkiýe we Günorta Kawkaz arkaly Ýewropany Merkezi Aziýa bilen birleşdirmäge gönükdirilen sebitara ösüş başlangyjyny durmuşa geçirmekde goldaw bermek üçin täze utgaşdyryjy gurluş döretmegi meýilleşdirýär.
Bu barada “Report” agentliginiň Ýewropa komissiýasyna salgylanyp beren habarynda aýdylýar.
“Bu başlangyja gatnaşýan taraplaryň, halkara maliýe guramalarynyňb we beýleki taraplaryň arasynda bu işi utgaşdyrjak gurluşyň döredilmegi göz öňünde tutulýar” diýip, Ýewropa Komissiýasyndan belläp geçilýär.
Bu mesele, noýabr aýynyň 27-ne meýilleşdirilen Transhazar halkara ulag geçelgesiniň (TITR ýa-da Orta koridor) forumynda gatnaşyjylar, Daşkent şäherinde ara alnyp maslahatlaşylar. Ýewropa Komissiýasynyň bellemegine görä, şol forumda maýa goýum boýunça ileri tutulýan ugurlar hem-de ulag baglanyşygyny üpjün etmek boýunça çäreler hem ara alnyp maslahatlaşylar.
“Ýewropa, Orta koridoryň ugrunda ýerleşýän ýurtlara ýokary hilli maýa goýumlary we doly hukukly hyzmatdaşlygy hödürleýär. Bu bolsa, onuň tekliplerini beýlekiler bilen deňeşdirilende has özüne çekiji edýär” diýip, habarda nygtalýar.
