Magtymguly adyndaky TDU «Impact Rankings 2025» reýtingine girizildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan «Times Higher Education» tarapyndan düzülýän «Impact Rankings 2025» atly reýting sanawyna girizildi. Bu reýting dünýäniň dürli künjeklerindäki ýokary okuw mekdepleriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde edýän täsirine esaslanyp düzülýär.

Iýun 22, 2025 - 13:25
Magtymguly adyndaky TDU «Impact Rankings 2025» reýtingine girizildi

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesi bilen bir hatarda bu baýry bilim ojaklarynyň biri hem «Sagdyn durmuş we abadançylyk», «Ýokary hilli bilim», «Gender deňligi» hem-de «Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk» ýaly möhüm ugurlar boýunça baha aldy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara giňişliginde abraýynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde bu ösüş, ýokary okuw jaýlarynyň dünýä derejesinde täsirini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem ýardam edýär.

«Impact Rankings» reýtingi dünýäniň dürli ýurtlaryndaky uniwersitetleriň jemgyýetçilik ösüşine, durnukly ösüşe we halkara hyzmatdaşlyga goşýan goşandyny ölçemekde esasy gurallaryň biridir.