2026-njy ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlary bilelikde hemra (ýer hemrasy) öndürerler

Türk Döwletleri Guramasynyň (TDG) agza ýurtlary 2026-njy ýylda bilelikde hemra (ýer hemrasy) öndürerler.

Okt 9, 2025 - 09:33
2026-njy ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlary bilelikde hemra (ýer hemrasy) öndürerler

Bu barada Report agentligi TDG-niň döwlet baştutanlarynyň 12-nji Sammitiniň netijesi boýunça kabul edilen Gabalynyň Jarnamasyna salgylanyp habar berýär.

Jarnamada, 2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Stambul şäherinde geçirilen agza ýurtlaryň ilkinji duşuşygynyň netijelerine goldaw bildirilýär.

Resminamada TDG baýdagy astynda çykarylmagy meýilleşdirilýän 12U TDT-SAT Küp atly hemrany öndürmek we uçurmak işiniň çaltlandyrylmagynyň maksat edilýändigi bellenilýär. Bu hemra, agza ýurtlaryň bilelikdäki tejribesine we tehnologik mümkinçiliklerine esaslanyp gazanylan möhüm üstünlik hökmünde görkezilýär.