NBC: ABŞ-da ýaşaýjylar aklawçynyň hyzmatynyň ýerine emeli aň ulanýarlar

ABŞ-nyň ýaşaýjylary kazyýet işlerinde aklawçylar ýerine generatiw emeli aň (EA) serişdelerini ulanmak arkaly ýeňiş gazanýarlar.

Okt 9, 2025 - 09:14
NBC: ABŞ-da ýaşaýjylar aklawçynyň hyzmatynyň ýerine emeli aň ulanýarlar

Report agentliginiň habaryna görä, bu barada NBC telekanaly maglumat berýär.

Telekanal, öý kireý puluny wagtynda töläp bilmedigi üçin öýünden çykarylmak howpy abanýan amerikalynyň — Lynn White-yň ýagdaýyny mysal getirýär. Ol başda döwlet tarapyndan bellenen aklawçynyň kömegi bilen işini ýitirdi. Emma apellýasiýa berenden soň, kömegi ChatGPT we Perplexity ýaly emeli aň ulgamlaryndan almaga karar berdi. Netijede, ol öýüni saklap galdy we başdaky bergisini azaldyp bildi.

"Emeli aňyň maňa beren kömegini artykmaç bahalandyrmak mümkin däl — men bu apellýasiýany emeli aň bolmazdan ýeňip bilmezdim" diýip, White aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, emeli aň hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalar müşderileri özleriniň platformalaryny hukuk maksatlarynda ulanmazlyga çagyrýarlar. NBC-niň bellemegine görä, emeli aň arkaly taýýarlanan kazyýet resminamalarynda köplenç takyk däl maglumatlara we ýalňyş hökümlere duş gelinýär.

Muňa garamazdan, köp sanly aklawçy emeli aňyň hukuk tejribesine ornaşmagyny oňyn garşy alýar. Günorta Kaliforniýaly aklawçy Andrew Montez-iň sözlerine görä, emeli aň onuň şahsy hukuk seljeriş işini doly çalyşyp bilmeýär, ýöne işini ep-esli ýeňilleşdirýär. "Geljekde ähli aklawçylar haýsam bolsa bir derejede emeli aň ulanjak bolar. Beýleki ýagdaýda olar bäsleşikde yza galarlar" diýip, Montez NBC-e aýtdy.