6G­ in­ter­net ­ul­ga­myn­da tej­ri­be ­ge­çir­di­ler

Iýul 28, 2025 - 15:02
6G­ in­ter­net ­ul­ga­myn­da tej­ri­be ­ge­çir­di­ler

Hytaý dünýäde ilkinji bolup 6G internet ulgamyny işe goýberdi. Häzirki wagtda diňe synag (tejribe) görnüşinde ulanylýan bu 6G internet ulgamynyň 50 GB agramly faýly bary-ýogy 1,5 sekuntda ýükländigi barada habar berilýär.

Bu tejribäni geçiren kompaniýa — Hytaýyň telekommunikasiýa ägirdi «China Mobile» bolup, ol synagy ýurduň çäginde ýerleşýän 10 sany esasy stansiýada amala aşyrdy. Kompaniýanyň 6G internet ulgamy üçin goýan maýasy 5,4 milliard amerikan dollaryna deňdir.

6G ulgamynyň tejribede görkezen tizligi sekuntda 280 Gbit bolup, bu bolsa häzirki 5G ulgamynyň iň ýokary tizliginden 14 esse ýokarydyr.

«China Mobile» kompaniýasy 6G ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda 5G we 5G-A internet ulgamlaryny hem güýçlendirmäge dowam edýär. Kompaniýa ýurduň çäginde 2,4 million 5G stansiýasyny gurdy. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýerleşýän 5G stansiýalaryň sanyndan 30% köp diýmekdir.

6G internet ulgamynyň 2030-njy ýylda giň gerimde, köpçülikleýin ulanylyp başlanmagyna garaşylýar.