Eme­li­ aň ­tä­ze­lik­le­ri

Iýul 28, 2025 - 14:56
Eme­li­ aň ­tä­ze­lik­le­ri

«Abel» startapynyň esaslandyryjysy Deniel Frensis, özüniň esasy hünärmenleriniň birini «Meta» kompaniýasynyň öz hataryna goşmak üçin uly göwrümli şertnama hödürländigi barada «X» platformasynda (öňki Twitter) habar berdi. Emma ol hünärmeniň adyny mälim etmedi.

Deniel Frensisiň sözlerine görä, «Meta» onuň näbelli işgärine 1,25 milliard amerikan dollary möçberinde 4 ýyllyk şertnama teklip edipdir. Şeýle-de bolsa, «Abel» kompaniýasynyň işgäri bu teklibe razylyk bermändir.

Geçen hepde bolsa, Beýik Britaniýa bilen «OpenAI» kompaniýasy ýurduň dürli pudaklaryna emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça ylalaşyga geldiler. Beýik Britaniýanyň Hökümeti Sem Altmanyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýanyň kömegi bilen saglygy goraýyş, bilim hem-de goranyş pudaklaryna emeli aňy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.