«KIA» ­bi­rin­ji­ ýa­rym ýyl­ly­gy­ jem­le­di

Iýul 28, 2025 - 15:08
«KIA» ­bi­rin­ji­ ýa­rym ýyl­ly­gy­ jem­le­di

Koreýa Respublikasynyň dünýä belli awtoulag öndüriji kompaniýasy «KIA» ýylyň başyndan bäri 57,367 trillion won (takmynan 41,6 milliard amerikan dollary) girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,7% ýokarydyr.

Kompaniýanyň hasabat döwründäki arassa peýdasy 5,773 trillion wona (takmynan 4,2 milliard amerikan dollary) deň boldy.

«KIA»-nyň ýakynda jemlenen ikinji çärýekde gazanan girdejisi 29,35 trillion won (takmynan 21,3 milliard amerikan dollary), arassa peýdasy bolsa 2,269 trillion won (takmynan 1,6 milliard amerikan dollary) boldy. Bu döwürde brend 792 müň awtoulag satdy.

Ýylyň başyndan bäri bolsa kompaniýanyň jemi 1,545 million awtoulag satandygyny statistika görkezýär.

1944-nji ýylda esaslandyrylan «KIA» kompaniýasynyň dolandyryş merkezi Seul şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň dünýäniň 8 ýurdunda 14 sany kärhanasy hereket edýär. Kompaniýanyň işgärleriniň sany bolsa 40 müňe ýetýär.