Abdylla Babaýew 20-nji iýunda «Fight Nights»daky dördünji söweşine çykar

Türkmenistanyň ýaş we perspektiwaly MMA türgeni Abdylla Babaýew şu ýylyň 20-nji iýunynda Russiýanyň Ulýanowsk şäherinde geçiriljek «Fight Nights» promouşeniniň çäklerindäki söweşinde çykyş eder. Ol häzirki wagtda tutluşyk üçin taýýarlyk işlerini Russiýanyň Dagystan Respublikasyndaky Mahaçgala şäherinde geçirýär.

Iýun 14, 2025 - 11:19
 0
Abdylla Babaýew 20-nji iýunda «Fight Nights»daky dördünji söweşine çykar

Türgenlik prosesiniň nähili geçýändigi barada «Turkmenportal» habar gullugyna beren interwýusynda Abdylla Babaýew, eýýäm iki hepdeden bäri dünýä belli türgenler bilen bir hatarda türgenleşýändigini aýtdy.

«Men bu ýerde Islam Mahaçýew, Umar Nurmagomedow, Usman Nurmagomedow ýaly meşhur türgenler bilen bilelikde türgenleşýärin. Tälimlerimiziň ýolbaşçysy bolsa UFC-niň ozalky çempiony, meşhur türgen Habib Nurmagomedow. Ol türgenleşikleriň ähli etaplaryna hut özi gatnaşýar» – diýip, Babaýew belledi.

Ol häzirki wagtda «Fight Nights» bilen şertnama esasynda çykyş edýändigini, maksadynyň bolsa bu promouşende titula eýe bolmakdygyny aýtdy.

Türgen öz öňümizdäki garşydaşy — Russiýaly Habib Guseýnow bilen bolan tutluşykda diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Abdylla Babaýew Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine, şeýle-de özüni goldaýan ähli janköýerlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.