ABŞ-da ösüp bilýän we öz-özüni dikeldip bilýän robotlar işlenip taýýarlanyldy

ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri “robot metabolizmi” atly möhüm tehnologiýany işläp düzdi. Bu tehnologiýa robotlara ösmäge, şikeslerden soň dikelmäge hem-de daşky gurşawdan ýa-da beýleki robotlardan alynýan elementler arkaly “iýmitlenmäge" mümkinçilik berer. Biologiýadan ylham alan bu ýörelge, özbaşdak toplanyp bilýän we çylşyrymly gurluşlara öwrülýän Truss Link modul enjamlary arkaly işläp taýýarlandy.
Häzirki zaman robotlarynyň köplenç durnukly, uýgunlaşyp bilmeýän bedenleri bilen deňeşdirilende, “robot metabolizmi” maşynlaryň fiziki özbaşdaklygynyň täze döwrüni açýar. Professor Hod Lipsonyň pikiriçe, bu tehnologiýa geljekde halas ediş operasiýalaryndan başlap, kosmosyň çuň ýerlerine çenli dürli gurşawda ýaşap we uýgunlaşyp bilýän robot “ekoulgamlaryny” döretmäge tarap möhüm ädimdir.