Alymlar: Geljekki ýyllarda ýerde güýçli magnit tupançyklary bolup biler
Günüň güýji 2025-nji ýylda iň ýokary derejesine ýetenden soň, indiki dört ýylyň dowamynda asta-asta azalyp başlar. Muňa garamazdan, şol döwürde Gün ýüzünde güýçli ýyldyrymly ýalkymalar bolup, onuň netijesinde Ýerde güýçli magnit tupançyklary hem ýüze çykyp biler. Bu barada Gün astronomiýasy boýunça laboratoriýanyň ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözleg institutyň alymy Sergeý Bogaçýow RIA Nowosti agentligine beren gürrüňinde aýtdy.

"Bu sikl dört ýyl çemesi haýal peselýär. Şol döwürde bolsa, garaşylmadyk güýçli hadysalar — güýçli ýalkymalar we magnit tupançyklary bolup biler" diýip, alym nygtady.
Sergeý Bogaçýowyň bellemegine görä, şeýle ýagdaýlar geçmişde hem birnäçe gezek ýüze çykypdy. Meselem, XXI asyryň iň güýçli gün ýyldyrymy 2003-nji ýylda — sikliň iň ýokary derejesinden iki ýyl soň bolup geçipdi. Soňraky sikliň iň güýçli hadysasy bolsa 2017-nji ýylda — iň ýokary derejesinden üç ýyl soň bolupdy.
Alym Gün siklleri bilen Ýeriň howasynyň arasynda meňzeşligi hem belläp geçdi: nädip Ýerde maý aýynda garaşylmadyk gar ýagyp bilýän bolsa, şol bir wagtda-da Günüň peselýän döwründe hem güýçli ýalkymalar bolup biler. Alyma görä, diňe iki-üç ýyl çemesi döwür "hakykatdanam asudalyk döwrü" bolup biler. Häzirki (25-nji) siklde şeýle ýyllaryň 2029–2030 ýyllar boljakdygy, hatda bölekleýin 2031-nji ýylyň hem asuda geçip biljekdigi çak edilýär.
Gün ýüzünde bolup geçýän prosesleriň hem aragatnaşyk hem-de energiýa ulgamyna, şeýle-de adamlaryň saglygyna göni täsiri bolýar. Şonuň üçin hem Perm Politehniki institutynyň we Politehniki mekdebiň alymlary Gün hereketiniň 11 ýyllyk öňünden çaklamasyny edip bilýän özboluşly modeli taýýarladylar. Bu barada "Gazeta.Ru" neşirine ylmy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Taslamanyň ýolbaşçysy, PNIIPU-nyň magistranti Georgiýa Taşkiniň düşündirmegine görä, täze model soňky 40–50 ýylyň taryhy maglumatlaryna görä 90%-den gowrak takyklyk bilen Günüň 11 ýyllyk hereket siklleri gaýtadan döredip bilýär.