AFK-nyň Çempionlar ligasy-2: «Arkadag» myhmançylykda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen deňme-deň oýnady ― 2:2

Okt 23, 2025 - 10:03
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2: «Arkadag» myhmançylykda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen deňme-deň oýnady ― 2:2

22-nji oktýabrda «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň üçünji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» toparyna garşy duşuşyk geçirdi. Dohada geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky netijeli deňlik bilen tamamlandy.

Ýer eýeleri 41-nji minutda Mateý Mitrowiçiň we 56-njy minutda Mihel Wlapyň gollary netijesinde öňe saýlanan hem bolsalar-da, türkmen topary güýçli oýun görkezip, deňlige ýetmegi başardy.

Türkmen toparynyň düzüminde 79-njy minutda hüjümçi Baýram Ataýew, oýnuň goşmaça wagtynda, 90+1-nji minutda bolsa goragçy Mekan Saparow tapawutlandy. Netijede, oýun 2:2 hasabynda tamamlandy.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň «Andijan» toparynyň we Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubunyň arasyndaky oýunda hasap açylmady, oýun deňlikde tamamlandy ― 0:0.

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň dördünji tapgyrynda «Arkadag» futbol kluby ýene-de «Al-Ahli» bilen duşuşar. Bu oýun 5-nji noýabrda geçiriler.