2025-nji ýylda dünýä ilaty 8,2 milliarda ýetdi

Okt 23, 2025 - 09:54
Okt 23, 2025 - 11:10
2025-nji ýylda dünýä ilaty 8,2 milliarda ýetdi

2025-nji ýylyň başyndaky resmi statistikalara görä, dünýäniň ilat sany 8,2 milliard adama ýetdi. Bu görkeziji Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) hem-de “Worldometers” portalyň maglumatlaryna laýyklykda bellenildi.

Ilatyň mundan 10 ýyl öň, ýagny 2015-nji ýylda 7,3 milliard töwereginde bolandygyny nazara alsak, soňky on ýylda ýer ýüzüniň ilaty takmynan 900 million adam köpeldi. Bu ösüş, esasan, Aziýa we Afrika yklymlarynda dowam edýän ýokary dogluş derejesi bilen baglanyşyklydyr.

Dünýäde iň köp ilatly ýurt hökmünde Hytaý öňdäki ornuny saklaýar, onuň ilaty 1,4 milliard adama deňdir. Hindistan bolsa oňa juda ýakyn — 1,43 milliard ilaty bilen dünýäde ikinji orny eýeleýär. Şeýle-de, Indoneziýa, Päkistan we Nigeriýa hem iň köp ilatly ýurtlaryň hataryna girýärler.

BMG-niň demografik barlaglaryna görä, häzirki wagtda dünýäniň ilaty ýylsaýyn ortaça 0,9% ýokarlanýar. Emma bu ösüş ösüş derejesi ýokary döwletlerde peselýär, şol bir wagtyň özünde Afrika ýurtlarynda ýaş ilatyň paýy ýokarlanýar.

Alymlar 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 9,7 millarda ýetmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Şeýle ýagdaý şäherleşmegiň, azyk howpsuzlygynyň we ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmeginde täze wezipeleri öňe sürýär.

Dünýä ilatynyň 8,2 millarda ýetmegi häzirki döwrüň iň möhüm demografik wakalarynyň biridir. Bu ösüş jemgyýetiň ykdysady, ekologik we durmuş ulgamlarynda täze strategiýalaryň işlenip düzülmegini talap edýär.