Amerikaly alymlar rak öýjüklerini ýok edip bilýän madda döretdiler
Zäherli Aspergillus flawus kömeleginden alnan birleşme gan ragyna garşy täsirli boldy

Pensilwaniýa uniwersitetiniň (University of Pennsylvania) alymlary rak öýjüklerini netijeli ýok edip bilýän täze himiki birleşmäni döretdiler. Bu madda, öňki döwürlerde gadymy mazar gazylyşlarynda ölüm bilen baglanyşykly bolan zäherli Aspergillus flavus kömeleginden alnan.
Uniwersitetiň berýän maglumatyna görä, kömelekden täze görnüşli molekulalar tapylyp, olaryň gurluşy üýtgedildi we gan rakynyň öýjüklerine garşy synagdan geçirildi. Netijeler umyt beýär — bu birleşme rak öýjükleriniň ösmegini üstünlikli togtatdy.
«Aspergillus flawus» kömeleginden molekulalar bölünenden soň, biz olary himiki taýdan üýtgedip, gan ragynda synag geçirdik. Netije — rak keselini ýok edip bilýän uly mümkinçilikli birleşme» diýip, resmi habarda aýdylýar.
Madda nähili täsir edýär
Ilkinji maglumatlara görä, bu birleşme rak öýjükleriniň bölünmeginitogtadýar. Ýöne madda bagyr, öýken we süýt mäziniň rak öýjüklerine garşy täsirli bolmady. Bu bolsa onuň bir ugurly täsir etýändigini görkezýär — bu ýagdaý bolsa belli bir rak görnüşine gönükdirilen bejergi üçin peýdaly bolup biler.
Indiki ädimler
Alymlar indi haýwanlaryň üstünde klinikadan öňki synaglara başlamakçy. Eger olar üstünlikli geçse, adamlaryň gatnaşmagynda kliniki synaglara başlarlar. Häzirlikçe bu ylmy işiň ilkinji tapgyrlary diýlip hasaplanýar.
Kontekst
Mundan ozal şwed alymlary deri rak keseliniň iň howply görnüşi bolan melanomany bejermekde täze usulyň üstünde iş alyp barýandyklaryny habar beripdiler. Olaryň barlaglary, melanoma öýjükleriniň mitohondriý proseslerini aşa güýçlendirýändigini görkezdi. Bu prosesleriň häzirki bar bolan dermanlar bilen blokirlenmegi, sagdyn dokumalara zyýan ýetirmezden rak öýjüklerini ýok etmeklige mümkinçilik berdi.