Kompyuter modelleri ilkinji gezek beýniniň garramagynyň üstüni açdy

Stenfordly alymlar nerwonlaryň biologiki ýaşyny ölçemek üçin “giňişlik sagatlaryny” döretdiler

Iýun 26, 2025 - 09:46
Kompyuter modelleri ilkinji gezek beýniniň garramagynyň üstüni açdy
Çeşme: Freepik.com/CC0

Stenford uniwersitetinden alym Erik San beýniniň garramagyny aýratyn öýjük derejesinde takyk ölçemäge mümkinçilik berýän özboluşly tehnologiýany işläp düzdi. Bu iş baradaky düşündiriş “Genomic Psychiatry” ylmy žurnalda çap edildi.

Esasy täzelik — beýni dokumalaryndaky gen işjeňligini olaryň ýerleşişine görä seljermek üçin ýörite taýýarlanylan ýokary takyklykly kompyuter modelleri bolup durýar. Bu “giňişlik garrama sagatlary” maşyn öwrenmesi() we spatial transkriptomika usullary arkaly döredildi. Alymlar ilkinji gezek öýjükleriň arasynda garramanyň nähili ýaýraýandygyny görmegi başardylar.

"Modellerimiz haýsy öýjükleriň garramanyň çeşmesi hökmünde işleýändigini görkezýär — olar töweregindäki öýjükleriň çalt garramagyna sebäp bolýar. Beýlekiler bolsa tersine, töweregindäki öýjükleri garramakdan goraýar" diýip Erik San düşündirdi.

Bu nähili işleýär:

Bu çemeleşme aşakdaky tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagy esasynda işleýär:

  • Maşyn öwrenmesi — ägirt uly genetiki maglumatlary gaýtadan işleýär;

  • Spatial transkriptomika — beýni dokumasyndaky genleriň işjeňligini olaryň takyk ýerleşýän ýerine görä ýazga alýar.

Netijede beýniniň garrama kartasy alynýar. Bu karta arkaly haýsy bölekleriň öňürti degenerasiýa (ýaramazlaşma) başdan geçirýändigi we bu prosesi nähili haýallatmalydygyny görmek bolýar.

Lukmançylyk üçin mümkinçilikler:

Täze usul eýýäm "garramanyň ýerli çeşmelerini" — ýagny, garamagyň zynjyrlaýyn täsirini başlaýan öýjükleri ýüze çykardy. Bu bolsa, şu öýjükleriň işjeňligini blokirlemäge ýa-da gorag mehanizmlerini işjeňleşdirmäge ukyply derman serişdelerini döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

"Biz bu tehnologiýanyň garramaga bagly keselleriň, şol sanda demensiýanyň (ýaş bilen baglanyşykly ýatkeşlik bozulmalarynyň) ösüşine has gowy düşünmäge kömek etjekdigine umyt edýäris. Belki bir gün beýniniň käbir ýerleriniň garamagyny diňe haýallatman, eýsem yzyna öwürmegi-de başararys", diýip Erik San belläp geçdi.

Bu näme üçin möhüm?

Şu güne çenli beýniniň garramagy köplenç diňe tutuş bölekler ýa-da organ derejesinde öwrenilýärdi. Stenford toparynyň işi bu prosesi öýjük derejesine geçirýär — bu bolsa ylmyň takyklygyny we bejerginiň mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrýar.